Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi owgan uçarlary üçin howa giňişligini ýapdy


Ýewropa Bileleşigi ähli owgan awiakompaniýalarynyň uçarlary üçin öz howa giňişligini ýapdy. Munuň sebäbi hökmünde owgan awikompaniýalarynyň zerur howpsuzlyk çärlerini berjaý edip bilmeýändigi resmi taýdan görkezilipdir.

Owgan awiasiýaçylary kredite häzirki zaman uçarlaryny almak ýa-da awiaparky dolandyrmak üçin günbatar kompaniýalaryny satyn almak isleýärler.

Mysal üçin, Owganystanyň iň uly awikompaniýalarynyň biri “Safi Airways” “Demirgazyk Ýewropa” awiakompaniýasyny satyn almakçydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG