Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koreý ýarym adasynda ýagdaý birden ýitileşdi


Koreý ýarym adasynda ýagdaýyň birden ýitileşmegine halkara jemgyýetçiligi alada bildirýär.

Günorta Koreýanyň adalarynyň birini Demirgazyk Koreýanyň oka tutmagyny ABŞ üzül-kesil ýazgardy we agressiw hereketleri bes etmegi Phenýandan talap etdi.

Bu oka tutuşlygy Ýewropa Bileleşigi hem ýazgardy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow: “Kim adany oka tutmagy gurnan bolsa, ol ýazgarylmaga mynasypdyr” diýdi we ýagdaýy köşeşdirmäge çagyrdy.

Hytaý taraplaryň ikisini-de sowukganlylyga we Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça altytaraplaýyn gepleşikleri dikeltmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG