Sepleriň elýeterliligi

“Altyn asyr” telekanalynyň direktoryna soňky käýinç berildi


“Türkmenistan: altyn asyr” telekanalyň direktory Maksat Altaýewe Türkmenistanyň prezidenti “soňky duýduryş bilen iň soňky käýinç yglan etdi” diýip, döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen Türkmenistan.RU internet saýty ýazýar.

“Gulluk borjuny kanagatlanarsyz ýerine ýetirýändigi, telekanalyň işini gurnamakda goýberen kemçilikleri we efire berilýän gepleşikleriň taýýarlanyşyna kontrollygy gowşadandygy üçin” oňa käýinç yglan edilipdir.

Eger ol kemçilikleri gaýtalasa wezipesinden boşadylar.
XS
SM
MD
LG