Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 6-njy oktýabrdan başlap, «Harby borç we harby gulluk» baradaky täze kanun öz güýjüne girdi. Täze kanuna görä, Türkmenistanda 18 ýaşdan 27 ýaşa çenli bolan oglanlar hökmany harby gulluk etmeli.

Täze kanuna görä, Türkmenistanda harby gullugyň möhleti iki ýyl. Saglygy harby gullugyň talaplaryny kanagatlandyrmaýan ýigitler ýa-da beýleki bir döwletlerde harby gulluk borjuny ýerine ýetirenler, ylmy derejesi bolanlar harby borçlulykdan boşadylýarlar.

Türkmenistanda her bir ene-ata ogly 18 ýaşap, ol harby gulluga çagyrylanda, uly gaýgy-aladalary başdan geçirýärler. Bu ýagdaý öňki SSSR-e girýän döwletleriň köpüsinde uly problemalaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş döwründe degişli harby edaralarda korrupsiýanyň möwjeýändigi barada hem habar berilýär.

Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG