Sepleriň elýeterliligi

Täze zamanyň garakçylary...


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowskiý

Karikaturany çeken Mihail Zlatkowskiý

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylan iki raýatlyk boýunça şertnama degişli mesele tomus aýlary Aşgabatda möwjäp, ahyrsoňy ozalky kabul edilen düzgüniň öz güýjünde galmagy bilen gutaran ýaly bolsa-da, häzir ol garakçylyk formasyna geçip başlady.

Garakçylyk formasyna geçmezden ilki bilen iki döwletiň arasyndaky baglaşylan ylalaşygyň gelnen netijesine syn edip geçeliň…

Türkmenistan tarapy häzir 2003-nji ýylyň 22-nji aprelinde prezident Saparmyrat Nyýazowyň iki raýatlyk düzgünini ýatyrmak barada kabul eden karary esasynda hereket etmek düzgünine geçdi. Ol düzgün boýunça 2003-nji ýyla çenli Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan adamlara tä 2012-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli öňki iki raýatlyk düzgüniniň ýöredilýänligi aýdylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu düzgüni resmi metbugatda habar bermän, ony diňe Russiýanyň ilçihanasynyň işgärleriniň üsti bilen adamlara ýetirýär.

Iki raýatlyk pasporty bilen Orsýete uçýan ýolagçylar Aşgabadyň aeroportunda Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanyp ugransoň, olar türkmen resmilerinden bu barada degişli maglumatlary alyp bilmän, mejbury ýagdaýda Orsýetiň ilçihanasyna ýuz tutmaly bolýarlar. Ilçihananyň işgärleri ýolagçylary bu meselede özara türkmen-ors ylalaşygy bilen tanyşdyransoň, ýüze çykan kynçylyklar ýuwaş-ýuwaşdan çözlüp başlanýar.

Kanunyň gowşaklygynyň getirýän ýagdaýy

Emma aradan köp wagt geçmänkä, Döwlet migrasiýa gullugynyň aeroportdaky käbir işgärleri iki raýatlyk pasporty bilen barýan ýolagçylaryň garşysyna garakçylyk pirimlerini ulanmaga başlaýarlar. Olar pasport kontrollygyna gelen adamlaryň pasportlaryny alyp: “Iki raýatlyk ýoly bilen ýurduň daşyna çykmak gadagan. Eger bu baradaky düzgünler bilen tanşasyňyz gelse, prezidentiň ýörite görkezmesi bar” diýip, olary şol ýerdäki boş otaglara salyp, ýurduň daşyna çykmak isleseler, bir adam üçin 500-600 amerikan dollaryny özlerine nagt tölemelidiklerini aýdyp, adamlara azar berip başlaýarlar. Şeýle ýagdaýa uçran rus milletinden bolan aşgabatly bir zenan Swetlana öz başyndan geçirenlerini janygyp, gürrüň berdi.

Mundan başga-da, köp ýolagçylar türkmen Döwlet migrasiýa gullugynyň käbir işgärleriniň iş ýerlerinde özlerini gaty gödek alyp barýandyklaryny, pasport barlanlarynda öňlerindäki ýolagça jenaýatça çemeleşen ýaly çemeleşýändiklerini, gelin-gyzlar bilen iş salşanlarynda-da paýyş sözleri ulanmakdan gaýtmaýandyklaryny habar berýärler.

Türkmenistanyň hökümeti we onuň Daşary işler ministrligi täze zamanyň garakçylygyndan halky haçan dyndararka?

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG