Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň zawodyndaky gaz zäherlenmesinde iki adam öldi


Ysraýylyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zäherli gazlaryň ýaýramagy sebäpli iki adamyň ölendigi we başga-da iki adamyň agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Ysraýylyň radiosynyň maglumatlaryna görä, bu waka Ortaýer deňziniň kenaryndaky Haýfanyň zawodynda bolupdyr.

Häzire çenli bu waka barada goşmaça maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG