Sepleriň elýeterliligi

Täze Zelandiýadaky şahta partlamasynda 29 adam öldi


Çarşenbe güni Täze Zelandiýanyň “Paýk Riwer” kömür şahtasynda partlama boldy. Bu waka şahtadaky dörän ikinji partlamadyr.

Geçen hepdäniň anna güni bu kömür şahtasynda bolan partlamada 29 adam gabawda galypdy. Ýerli polisiýa çarşenbe günündäki partlamanyň has güýçli bolandygyny we munuň netijesinde öň gabawda galan ähli kişileriň ölendigini aýtdy.

Ýurduň premýer-ministri John Keý bu wakany “milli betbagtçylyk” diýip atlandyrdy: “Paýk Riwerde bolan partlama biziň iň erbet ýagdaýda garaşýan zadymyz boldy. Ýüz keşpleri we atlary ýadymyzda galjak şol 29 adam indi hiç haçan biziň aramyzda gezmez. Bu milli betbagtçylykdyr. Bu waka ölen adamlaryň maşgalalary, işdeşleri, dostlary we milletimiz üçin betbagtçylykdyr”.

Bu partlamalara nämäniň sebäp bolandygy entek doly anyklanmady.
XS
SM
MD
LG