Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky saýlawlaryň netijeleri yglan edildi


Çarşenbe güni Owganystanda 18-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri yglan edildi. Ilki başda ýüze çykarylan köp sanly bidüzgünçilikler sebäpli bu saýlawlaryň netijeleri öz wagtynda yglan edilmändi.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň geçiren derňewi netijesinde sesleriň 1,3 million töweregi güýçsiz hasaplandy.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Fazel Ahmet Manewiniň beren maglumatlaryna görä, saýlawlaryň başdaky netijelerine laýyklykda ýeňiş gazanan 24 dalaşgär galplykda aýyplanyp, olaryň deputatlygy ýatyrylypdyr.

Fazel Ahmet Manewiniň aýtmagyna görä, häzirki wagt “tehniki nogsanlyklar sebäpli” ýurduň 34 welaýatynyň diňe birinde saýlawyň netijeleri jemlenilmändir.

Owganystanyň parlamentiniň Aşaky öýüniň 249 ýeri üçin saýlawlara 2,500 töweregi dalaşgär, şol sanda 400 zenan gatnaşdy.

Bu saýlaw Owganystanda Talyban režiminiň agdarylmagyndan we Birleşen Ştatlaryň baştutanlygyndaky halkara harby güýçleriň bu ýurda girmeginden soň geçirilen ikinji saýlawdyr.
XS
SM
MD
LG