Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Günorta Koreýa bilelikdäki harby türgenleşigi geçirer


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby deňiz türgenleşigini geçirjekdikleri yglan edildi. Bu habar Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýa tarap sişenbe güni ot açmasyndan soň mälim edildi.

Emma Birleşen Ştatlaryň Günorta Koreýadaky harby güýçleriniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu türgenleşikler şol hüjümden öň meýilleşdirilipdir.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Günorta Koreýanyň prezidenti Li Mýung-baka telefon arkaly gepleşiginde aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar özüniň ýarany bilen “egin-egne” durar.

Sişenbe güni Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň adalarynyň birini oka tutupdy. Munuň netijesinde iki adamyň ölendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG