Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Çarşenbe güni Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Türkmenistana iki günlük resmi saparyna başlady.

Ermeni lideriniň geçirjek ýokary derejeli gepleşiklerinde dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derejesini mundan beýläk hem ösdürmek barada gürrüň ediler we degişli ylalaşyga gol goýlar diýip, türkmen metbugaty habar berdi.

Berilýän maglumatlara görä, prezident Serž Sarkisýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurduň mejlisiniň başlygy Ajka Nurberdiýewa bilen gepleşik geçirýär.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlupdy.
XS
SM
MD
LG