Sepleriň elýeterliligi

Aziýa oýunlarynda ikinji özbek türgeni oýundan çetleşdirildi


Hytaýyň Huanjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda ikinji özbek türgeni dopping barlagyndan geçip bilmän, oýunlardan çetleşdirildi.

Aziýanyň Olimpiýa maslahatynyň berýän maglumatlaryna görä, geçirilen barlaglaryň netijesinde 23 ýaşly göreşiji Jahongir Muminowyň bedeninde gadagan edilen serişde tapylypdyr. Jahongir bu oýunlarda entek medal gazanmandy.

Geçen hepdäniň anna güni başga bir özbek sportsmeni Şokir Muminow hem bedeninde gadagan edilen serişde tapylandan soň oýunlardan çetleşdirilipdi.

Özbek dzýudoçysy Şokir Muminowyň gazanan kümüş medaly hem yzyna alyndy.
XS
SM
MD
LG