Sepleriň elýeterliligi

Medwedew syýasy 'durgunlyk' barada duýduryş berýär


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurdy dolandyrýan “Ýedinnaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” partiýasynyň häkimiýetdäki artykmaç güýjüniň we ýurduň partiýalarynyň arasynda özara bäsdeşligiň bolmazlygynyň ýurduň özüşini “togtadýandygyny” aýtdy.

Medewdewiň bellemegine görä, bu ýagdaý diňe oppozision partiýalar üçin däl, eýsem häkimiýetdäki partiýa üçin hem howply ýagdaýdyr.

“Biziň syýasy durmuşymyzyň eýýäm durup başlandygy hiç kim üçin syr däl. Bu ýagdaýda durnuklylygyň durgunlyga öwrülmek howpy hem bar. Bu ýagdaý häkimiýetdäki partiýa we oppozisiýa güýçlerine deň derejede zeper ýetirýär”.

“Ýedinnaýa Rossiýa” partiýasyna ýurduň häzirki premýer-ministri Wladimir Putin ýolbaşçylyk edýär. Bu partiýa 2001-nji ýylda döredildi we şondan bäri ol ýurduň parlamentindäki köpçülige eýedir.
XS
SM
MD
LG