Sepleriň elýeterliligi

Ýaş nesil Gürjüstany täzeledi


Gürjüstanyň bilim we ylym ministri Dmitriý Şaşkin studentler bilen duşuşýar, Tbilisi, 17-nji noýabr 2010.

Gürjüstanyň bilim we ylym ministri Dmitriý Şaşkin studentler bilen duşuşýar, Tbilisi, 17-nji noýabr 2010.

Aleksa Çopiwskiý

Dünýäde biznes etmegiň ýagdaýy barada Bütindünýä bankynyň ýaýradan ahyrky hasabatynda 183 ýurduň arasynda Gürjüstanyň 12-nji orny eýelemegine geň galmaly däl. Ol Finlandiýadan we Şwesiýadan soňky ýeri eýeläp, postsowet giňişligindäki ýurtlardan has öňe saýlanmagy başardy. Bu hasabatda Ukraina 145-nji, Özbegistan 150-nji we Orsýet 121-nji orna düşdüler.

Postsowet ýurtlary Gürjüstandan käbir zatlary sapak alyp bilerler. 2003-nji ýyldaky “Bägül rewolýusiýasy” netijesinde Mihail Saakaşwili häkimiýet başyna gelende, 4,5 million ilatly Gürjüstana öňki Soýuzyň çägindäki iň korrumpirlenen ýurtlaryň biri hökmünde garalýardy. Emma Saakaşwili korrupsiýa garşy göreşdi, býurokratiýany kemeltdi we üstünlikli ykdysady reformalary durmuşa geçirdi. Netijede düýbi Berlindäki “Transparency international” guramasy özüniň korrupsiýa baradaky hasabatynda Gürjüstana 178 ýurduň arasynda 68-nji orny berdi. Gurama 2003-nji ýylda Gürjüstana 127-nji, Ukraina 134-nji orunlary beripdi.

2002-nji ýylda geçirilen “Enterprice survey” atly barlagda Gürjüstandaky şirketleriň 70 prosentden gowragynyň jemgyýetçilik resmilerine para bermeli bolýandygy aýdylypdy. Ýöne 2008-nji ýylda bu görkeziji bary-ýogy 4 prosent boldy.

Gürjüstanyň hökümeti ýaşlardan düzülen

Eýse, Saakaşwili bu ösüşleri nähili gazandy? Synçylaryň pikiriçe, onuň hökümetindäki kadrlar ýaş liderlerden düzüldi. Olar Sowet Soýuzy dargandan soňra, kämillik ýaşyna ýeten we hökümete gelmänkäler, başga ýurtlaryň ýa-da Günbataryň okuw jaýlarynyň diplomyny alan ýaşlar.

Netijede hökümet köne sistemadan saplandy we täze ideýalara ýol açyldy. Ol Gürjüstanyň okuw jaýlaryny gutaran ýaşy 40-dan uly bolmadyklaryň dünýäniň meşhur okuw jaýlarynda okamaklary üçin grantlary teklip etdi. Gürjüstanyň
29 ýaşly ykdysadyýet ministri Wera Kobaliýa Britaniýadaky tehnologiýa institutyny tamamlady.
ýolbaşçylarynyň aglabasy birnäçe daşary ýurt dilini bilýärler. Meselem, 32 ýaşly maliýe ministri Kaha Bainduraşwili Williams kollejinde okady. Gürjüstanda doglan, 29 ýaşly ykdysadyýet ministri Wera Kobaliýa köp wagtlap Kanadada ýaşady we Britaniýadaky tehnologiýa institutyny tamamlady. 34 ýaşly energiýa ministri Hetaguri Bütindünýä bankynda we ABŞ-nyň USAID programmasynda işledi. 35 ýaşly bilim ministri Dmitriý Şaşkini Amerikanyň Halkara Institutynyň Gürjüstandaky edarasynyň başlygydy, Milli Bankyň 30 ýaşly başlygy Kadagidze Prinston uniwersitetinde bakalawrlygy okady. 42 ýaşly Saakaşwiliniň özi Kolumbiýa uniwersitetiniň hukuk mekdebinde, adam hukuklary boýunça Strasburgdaky Halkara institutda we Jorj Waşington uniwersitetinde okady. 35 ýaşly premýer-minsitr Nikoloz Gilauri Temple uniwersitetinden ykdysadyýet boýunça ussatlyk derejesini aldy we Irlandiýanyň Limerik uniwersitetinde ykdysadyýet ugrundan okady.

Munuň tersine, 2004-nji ýylda reňkli rewolýusiýa bolan Ukrainanyň ýolbaşçylary 90-njy ýyllardakydan ýa-da sowet eýýamyndan örän az üýtgediler. 71 ýaşly Milli bankyň başlygy Wolodymyr Stelmakh Moskwada SSSR Döwlet bankynda işläpdi we 90-njy ýyllarda 5 ýyllap Kubanyň merkezi bankynyň geňeşçisi boldy. Ol 90-njy ýyllardan bäri Merkezi bankda dürli wezipelerde işledi. 47 ýaly Ykdysadyýet ministri Wasyl Tsuşko regional häkimligiň başlygy we içeri işler ministri bolmazdan owal, kolhoz başlygydy. 60 ýaşly prezident Wiktor Ýanukowiç 1980-nji ýylda Doneskiniň politehniki institutyny tamamlady we inžener bolyp işledi. 62 ýaşly premýer-ministr Mykola Azarow 1971-nji ýylda Moskwa Döwlet Uniwersitetinde geologiýa we magdan ugrundan doktorlyk dissertasiýasyny gorapdy. Ol 1995-nji ýylda magdan, geologiýa hem geomehanika boýunça barlag we dizaýn institutynyň başlygy boldy.

Köne kadrlara gol ýapan Ukraina yza galdy

Gürjüstandan tapawutlylykda Ukrainanyň prezidenti, premýer-ministri we ministrleri sowet okuw jaýlarynda okadylar. Bularyň resmi biografilaryna görä, olar SSSR-den ýa-da Ukrainadan başga ýerde türgenleşik geçmediler. Emma Gürjüstanyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary 30 ýaşly Arçil Kekeliýa Londonyň biznes mekdebiniň diplomyny aldy we Ispaniýanyň bankynda işledi.

“Men 2000-nji ýyllarda köp wagtymy daşary ýurtlarda geçirdim. Meniň kärdeşlerim hem daşary ýurtlarda köp wagtlap ýaşadylar. Biz Günbatarda biznesiň nähili edilýändigine, adalat sistemasynyň we saglygy saklaýyş pudagynyň işlerine syn etdik. Häzir biziň başga sistemalarda işleriň nähili edilýändigi barada görelde alara zadymyz, praktikamyz we sowadymyz bar. Bular bize dürli gowy garaýyşlary we düşünjäni berýär” diýip, Arçil Kekeliýa aýdýar.

Şol bir wagtda-da Gürjüstan korrupsýa garşy hem göreşdi. Owal bu ýurtda yzygiderli korrupsiýa güzeran aýlamagyň çeşmesine öwrülipdi. Emma Saakaşwiliniň hökümeti işleriň netijeliligini ösdürdi we jemgyýetçilik sektoryndan býuurokratiýany ýok etdi. Olar okuw jaýlaryndaky ekzamenlere bäsleşikli milli synag programmasyny girizdiler. 2005-nji ýylda bolsa ýol gözegçiligini amala aşyrýan polisiýanyň bütin korpusy işden çetleşdirildi we bir günde 30 müň adamyň iş orny azaldyldy. Täze korpus bäsdeşlik esasynda düzüldi we olaryň aýlyklary on esse köpeldildi. Şonuň ýaly-da hökümet býurokratik çäreleri kemeltdi.

Syýasy analitik we Iliýa uniwersitetiniň professory Ghia Nodia: “Gürjüstanyň mysaly geljekde adamlar üçin bu zatlaryň olaryň ýurdunda hem bolmagynyň mümkindigine ynanmaga puryja berer. Eger bular Gürjüstanda mümkin bolsa, onda başga ýurtlarda hem bolar” diýýär.

Aleksa Çopiwskiý kiýewli žurnalist. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG