Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada studentler hökümetiň planlaryna garşy protest geçirdiler


Çarşenbe güni Beýik Britaniýada uniwersitetleriň we kollejleriň birnäçe müň studenti ýöriş we protest geçirdiler. Olar hökümetiň okuw üçin tölegleri artdyrmak we bilime harçlanýan puly kemeltmek planyna närazylyk bildirdiler.

Londonyň merkezinde birnäçe ýerde protestçiler we polisiýa çaknyşdy. Iki polisiýa işgäri ýaralandy. Azyndan üç protestçi tussag edildi.

Demonstrasiýalar başga şäherlerde, şol sanda Kembrijde, Bristolda, Liwerpulda, Şeffilde we Lidsede hem boldy.
XS
SM
MD
LG