Sepleriň elýeterliligi

Magnitskiniň ölümine gatnaşygy bolanlar ÝB-e baryp bilmez


23-nji noýabrda Ýewropa Parlamentiniň Halkara işler boýunça komitetinde orsýetli aklawjy Sergeý Magnitskiniň türmede ölmegine gatnaşygy bolan orsýetli resmilere garşy syýahat gadagançylygyny girizmek biragyzdan tassyklandy.

Magnitskiniň ölümine gatnaşygy bolan resmileriň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna girmegi gadagan we olaryň daşary ýurtlardaky emlägi ellerinden alnar.

“Hermitage Capital” kompaniýasyna adwokatlyk eden Magnitskiý bir ýyl mundan ozal wagtlaýyn tussgahanada ölüpdi.

Magnitskiniň ýürek keselinden ölendigi habar berildi. Emma adam hukuklaryny goraýjylar Magnitskiniň saglygyny bejertmegine ýol berilmändigi üçin ölendigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG