Sepleriň elýeterliligi

BMG: AIDS Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýaýraýar


BMG-niň AIDS boýunça ýokary derejeli resmisiniň beren maglumatyna görä, AIDS Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada güýçli ýaýraýar.

Guramanyň geçen ýyl boýunça ýaýradan maglumatyna görä, bu regionda 1,4 million adam AIDS keseline ýolugan.

BMG-niň AIDS boýunça baş wekili Mişel Sidibeni: “Biz bu bolýan zatlardan juda gorkýarys we AIDS-iň öňüni almak baradaky programmalaryň regionda köpräk elýeterli edilmegine çagyrýarys” diýip, düýn Wenada žurnalistlere aýtdy.
XS
SM
MD
LG