Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Gambiýasyz galdy


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad (sagda) we Gambiýanyň prezidenti Ýahýa Jammeh Tähranda, 2-nji dekabr 2006.
Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad (sagda) we Gambiýanyň prezidenti Ýahýa Jammeh Tähranda, 2-nji dekabr 2006.
Gambiýa Eýran üçin diplomatik koalisiýany düzmek boýunça iň möhüm ýurtlaryň biri bolmasa-da, 23-nji noýabrda Demirgazyk Afrikada ýerleşýän bu ýurt Eýran bilen ähli gatnaşyklaryny kesýändigini mälim edipdi. Şeýle-de ol Eýranyň wekillerinden 48 sagadyň dowamynda ýurdy terk etmeklerini sorady.

Bu ýagdaý Gambiýada Eýranyň maliýeleşdirýän birnäçe proýektleriniň, şol sanda ýük we ýeňil awtomobilleri getirmek boýunça iki milliard dollarlyk ylalaşygynyň hem ýatyrylamgyna getirdi.

Gambiýanyň bu hereketlerine entek hiç hili düşündiriş berilmedi. Emma, edilýän çaklamalara görä, muňa oktýabrda Nigeriýada Eýrana degişli ýaraglaryň saklanmagy sebäp bolana meňzeýär. Resmileriň aýtmagyna görä, bu ýaraglar Gambiýanyň garşysyna niýetlenipdir.

Bu waka Eýran bilen Nigeriýanyň özara gatnaşyklarynda tiz dartgynlygyň döremegine sebäp boldy. Ýöne Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki şol ýarag ýükleriniň arkasynda hökümetiň däl-de, şahsy kompaniýalaryň durandygyny nygtady.

Muňa garamazdan, Nigeriýa Mottakiniň bu düşündirişlerini kabul etmän, bu ýagdaý barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine habar berdi. Çünki bu hereket Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň düzgünlerini bozýar diýen pikirler hem bar.

19-njy noýabrda Nigeriýanyň Lagos aeraportunda Eýrandan gelen uçaryň içinde gizlenen 10 million dollarlyk geroiniň tapylmagy, Eýranyň diplomatlary üçin hasam utançly ýagdaýy döretdi.

Eýranyň Gambiýa näme sebäpden ýarag eltmäge synanyşandygy henizem syr bolup galýar. Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň we Gambiýanyň baştutany Ýahýa Jammehiň özara gowy gatnaşyklary bardy. Prezident Ahmedinejad Gambiýa iki gezek: 2006-njy we 2009-njy ýyllarda sapar edipdi. Prezident Jammeh hem 2006-njy ýylda Tährana barypdy.

‘Başga güýçler’

Bu ýerde diňe bir zady anyk aýtmak mümkin: Eýranyň Daşary işler ministrliginiň arkasyndan yslam režiminiň başga güýçleri hereket edýärler. Ýakyn Gündogaryň ykdysady we syýasy analiz kompaniýasynyň analizçisi Meir Jawedanfaryň aýtmagyna görä, Eýranyň “Rewolýusiýa sakçylarynyň” hereketlerinden ýurduň Daşary işler ministrligi bihabar galýar.

“Meniň pikirimçe, bu iki ugurdan ýalňyş edilen hereket boldy. Birinjiden, Günbataryň aňtaw gulluklarynyň Eýranyň ýarag daşaýandygyny Nigeriýa duýduran bolmagy mümkin. Ikinjiden, biz Eýranyň Daşary işler ministrligi bilen Eýranyň “Rewolýusiýa sakçylarynyň”, hususan-da, Al-Kuds toparynyň arasynda uly tapawudyň bardygyny görýäris. Muňa delil hökmünde Manuçehr Mottaki bu wakalar sebäpli Nigeriýa bilen dörän düşünişmezlikleri aradan aýyrmak we özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köp tagalla edipdi. Ýöne “Rewolýusiýa sakçylary” bu mesele boýunça hiç kömek bermedi” diýip, Meir Jawedanfar aýdýar.

Eýranyň parlamentiniň Daşary syýasat boýunça komitetiniň başlygy Alaeddin Borujerdiniň aýtmagyna görä, birnäçe ýyl mundan owal ýarag satmak üçin “Eýranyň kompaniýasy” Gambiýa bilen degişli ylalaşyk baglaşypdyr, şeýle hem bu ylalaşyk esasynda şol ýaraglar “Halkara kanunyna” laýyklykda daşalypdyr.

Alaeddiniň pikirine görä, Gambiýa Eýran bilen gatnaşyklaryny Birleşen Ştatlaryň basyşy esasynda kesipdir. Emma ol bu ýagdaýyň Eýrana kän bir täsir ýetirmejekdigini, çünki Eýranyň Gambiýada hatda ilçihanasynyň hem ýokdugyny hem belleýär.

‘Häkimiýet ugrundaky göreş’

Ýöne, “Enduring America” websaýtynyň redaktory we Birminhem uniwersitetiniň Eýran boýunça eksperti Skot Lukasyň aýtmagyna görä, ol ýaraglaryň 2009-njy ýylda Jammehini häkimýetden çetleşdirmek synanşygy üçin niýetlenip, ugradylan bolmagy hem mümkin. Şol synanyşyk şowsuz tamamlanypdy.

Skot Lukas: “Gambiýada ýakynda bolan döwlet agdarylşygyndan soňra, ýurtda häkimýet üçin göreşýän ençeme toparlar döredi. Bu ýaraglaryň, şol toparlanyşyklaryň haýsysyna niýetlenendigini anyk aýtmak kyn, ýöne ýaraglaryň şol toparlaryň biri üçin ugradylan bolmagy mümkin. Gambiýadaky öňki diplomat prezidente barmak çommaltdy. Ýöne onuň muny syýasy sebäplerden eden bolmagy hem ähtimal. Sebäbi ol ýakyndaky bolan agdarylyşyk sebäpli häkimiýetden çetleşdirilipdi” diýýär.

Lukasyň aýtmagyna görä, şol toparlanyşygyň häzirki häkimiýetiň öz içinden bolmagam mümkin: “Ýöne beýleki bir tarapdan, bu ýaraglary kimiň berendigi barada hem sorag döreýär. Bu soraga ol ýaraglaryň eýran hökümetiniň içinde bir topar, “Rewolýusiýanyň sakçylary” ýa-da olar bilen baglanşykly bir topar diýip, jogap bermek mümkin”.
XS
SM
MD
LG