Sepleriň elýeterliligi

Ykdysady liberallaşma we hususy sektor


Narodetski: "Hususy sektoryň bolmagy we ýaşamagy diňe bir ykdysady liberallaşma bilen däl, eýsem adam hukuklarynyň ähli ugurlary bilen-de berk bagly".

Narodetski: "Hususy sektoryň bolmagy we ýaşamagy diňe bir ykdysady liberallaşma bilen däl, eýsem adam hukuklarynyň ähli ugurlary bilen-de berk bagly".

Türkmen propagandasy ýurdy ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak wagtlyk programmasynyň mahabatyny aktiw alyp barýar. “Türkmenistan: altyn asyr” informasion saýty giň teswirlemesini hut şu meselä bagyşlapdyr. Ýakyn ýigrimi ýyly nazarlaýan bu programmanyň ähli esasy detallaryna we ony amala aşyrmagyň strategiýasyna teswirleme degip geçýär.

Ilatyň durmuş derejesiniň ösýändigi, uly möçberde ylmy talap edýän önümçiligikde ýokary hilli öňegidişligiň bardygy, bazar gatnaşyklarynda, eksportyň ýollaryny giňeltmekde, sanyny artdyrmakda, transport, aragatnaşyk ugurlaryny giňeltmekde, maliýe hem halkara turizminde ösüşiň bardygy teswirlemede ýatlanyp geçilýär. Hat-da çuň nazar aýlanmasa-da , hususy sektoryň ösýändigi agzalýar.

Gumanitar gymmatlyklar hany?

Propaganda we agitasiýa maksatly bu planda diňe bir zatdan başga hemme zat bar ýaly görünýär. Ol ýerde ýeke söz aýdylmaýan bir ýagdaý bar - ol türkmen döwletiniň ruhy-gumanitar esaslary.

Hamana, syýasy reformalar geçirmezden, adam hukuklary ugruny ösdürmezden, türkmen durmuşynyň ähli ugurlaryny liberallaşdyrmazdan, açyklaşdyrmazdan, ähli göz öňünde tutulýan planlar başa baraýjak, amala aşaýjak ýaly...

Bu gumanitar gymmatlyklara BMG-niň ýa-da ÝHHG-niň öňünde hasabat berlende deglip geçilýär. Başgaça aýdylanda, adatça bu tema daşary ýurtlar üçin açylýar, gozgalýar. Ýöne ol ýurduň içi bilen bagly däl ýa-da ýurduň içi üçin niýetlenmeýär, onuň gürrüňem edilmeýär.

Häkimiýetler öz jemgyýetiniň öňünde hasabat bermäge endik etmändir. Liberallaşdyrmak temasyndan gorkmak bärkije bir ýagdaý. Döwletiň ruhy-gumanitar durmuşynda çuňnur özgerişler geçirmezden, ähli uly ykdysady planlary amala aşyryp boljakdygyna häkimiýetler ynanýar, ine, belanyň körügi nirede!

Türkmen ýolbaşçylary bilmezlikden ýa-da öz islegine görä, ykdysady taýdan gülläp-ösüşe diňe bir häkimiýetleriň islegi, karary bilen däl-de, jemgyýeti azat etmek bilen ýetip bolýandygy baradaky dünýä tejribesine göz ýumýarlar. Mysal üçin, erkin ondan–oňa baryp gelmegiň, ýurtdan çykmagyň hem gaýdyp gelmegiň düzgünleri şu wagta çenli Türkmenistanyň ykdysady programmalarynda ýok.

Dünýä tejribesi

Häkimiýetiň depesinde oturanlar daşarky dünýä bilen arada çuň gorp bar bolsa-da, ýurduň arasy üzük bolsa-da, ýurt ykdysady taýdan ösüşiň çür başyna çykar öýdýän bolmagy mümkin. Häkimiýetleriň şeýle-de, berk döwlet gözegçiligi astynda saklabam hususy sektory ösdürip bolar hasap edýän bolmagy mümkin. Edil şu günki gün hut şu ýagdaý – hususy sektory berk döwlet gözegçiligi we gysyşy astynda saklamak ýurtda dowam edýär.

Hususy sektoryň bolmagy we ýaşamagy diňe bir ykdysady liberallaşma bilen däl, eýsem adam hukuklarynyň ähli ugurlary bilen-de berk bagly. Sebäbi hususy telekeçiligiň konsepsiýasy möhüm hereketlendiriji güýç hökmünde şahsy inisiatiwa esaslanýar.

Hemme zada güýji-kuwwaty ýetýän ýörite gulluklardan we beýleki döwlet edaralaryndan köpçülikleýin gorkulýan ýagdaýda nähili teklip-inisiatiwa barasynda gürrüň edip bolar? Öz planlarynda häkimiýetler öz-özüne-de garşy çykýar.

Planda göz öňünde tutulyşyna görä, ösüşiň strategiýasy amala aşyrylýan prosesde erkin ykdysady proýektleriň dürli zolaklary döremeli. Häzirki türkmen hakykatynyň şertlerinde haýsy erkin zolak barada gürrüň gidip biler? Tutuş jemgyet, onuň ähli ugurlary häkimiýetleriň elinde ahyryn!

Netijede, bu mesele nirede häkimiýet başlansa, şol ýerde ösüş tamamlanýar-diýen berk sistema baryp direýär. Türkmenistanda bolsa häkimiýet hemişe we hemme ýerde başlanýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG