Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-azeri döwletara komissiýasynyň ikinji maslahaty boldy


Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, düýn Bakuwda ykdysady hyzmatdaşlyk barada türkmen-azeri döwletara komissiýasynyň ikinji maslahaty tamamlandy.

Duşuşyga gatnaşan türkmen delegasiýasynyň düzüminde ministrlikleriň, edaralaryň ýolbaşçylary we öňdebaryjy spesialistler boldy.

Azerbaýjanyň delegasiýasyna ýurduň premýer-ministriniň birinji orunbasary Eýubow ýolbaşçylyk etdi.

Iki tarap 2008-nji ýylyň ýanwarynda komissiýanyň Aşgabatda geçen ilkinji maslahatyndan soňky edilen işleriň netijelerini maslahatlaşdy. Olar öňde goýlan ähli wezipeleriň doly berjaý edilendigini bellediler.

Duşuşykda häzirki söwda dolanşygynyň iki ýurduň mümkinçiliklerine we gatnaşyklaryna laýyk gelmeýändigi bellendi.

Iki ýurduň söwda dolanşygyny ösdürmek üçin gyzyklanýan ministrlikleriň we edaralaryň ekspertler toparyny düzmegiň maksada laýyk boljakdygy hem duşuşykda aýdyldy.

Türkmen-azeri döwletara komissiýasynyň ikinji maslahatynyň ahyrynda onuň jemleri barada dokumente gol goýuldy.
XS
SM
MD
LG