Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň maslahaty geçirildi


Penşenbe güni Aşgabatda özara hyzmatdaşlyk barada türkmen-hytaý komitetiniň birinji maslahaty boldy. Oňa gatnaşmak üçin Hitaýyň ýokary derejeli resmisi Wan Sişaniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Aşgaba bardy.

Komitetiň maslahatynda söwda-ykdysady, ýangyç energiýa, bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Özara hyzmatdaşlyk barada türkmen-hytaý komitetiniň birinji maslahatynyň ahyrynda geljekde edilmeli işler barada protokola gol goýuldy diýip, türkmen metbugaty ýazdy.
XS
SM
MD
LG