Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji wise-premýeri bilen söhbet


Gürjüstanyň premýer-ministriniň orunbasary Giorgi Baramidze Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Praga, 24-nji noýabr 2010.
Gürjüstanyň premýer-ministriniň orunbasary Giorgi Baramidze Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Praga, 24-nji noýabr 2010.
Gürjüstan Ýewropa Bileleşigine we NATO agza bolmak maksady bilen ýurtdaky reformalara dowam edýär. Şeýle hem ol Orsýet bilen gepleşik geçirmäge taýýar. Bu barada Gürjüstanyň premýer-ministriniň orunbasary, Ýewropa we Ýewro-Atlantik integrasiýasy boýunça döwlet ministri Giorgi Baramidze aýdýar. Onuň bilen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Diasy Sindelar söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Prezident Mihail Saakaşwili 23-nji noýabrda Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda Kreml bilen göni gepleşikleri teklip etdi. Eýse, biz Tbilisiniň Moskwa bilen gatnaşyklarynda uly özgerişligiň şaýady bolýarysmy?

Giorgi Baramidze: Ol resmi beýannamady. Emma biz mydama Orsýetiň ýolbaşçylary bilen konstruktiw dialog geçirmäge çalyşýarys. Bu biziň bähbidimize ýa-da bähbidimize boldy we bolar. Sebäbi biz Ýewropanyň kiçijik ýurdy we özümizde hem töweregimizdäki territoriýalarda parahatçylyk, howpsuzlyk isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Şonuň ýaly-da Saakaşwili bu çykyşynda jikme-jik aýtmasa-da, geçmişdäki ýalňyşlyklary hem ykrar etdi. Ol Gürjüstanyň territorial eldegrilemsizligini täzeden dikeltmek üçin harby güýç ulanmajakdygyny aýtdy. Eýse, onuň boýun alan ýalňyşlygy 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstan gyzmalyk edip, Orsýet bilen uruşdy diýmekmi?

Giorgi Baramidze: Elbetde, beýle däl. Ol Orsýet barada däl-de, Gürjüstandaky reformalar barasynda gürrüň etdi. Biz hiç haçan Orsýete hüjüm etmedik. Orsýetliler biziň territoriýamyzda ahyryn. Biz hiç mahal öz territoriýamyzyň çäginden çykmadyk.

Azatlyk Radiosy: Emma prezident bu barada gürrüň etmek bilen Günbataryň geljekde Gürjüstanyň harby güýç ulanmagy mümkin diýen aladalaryna ünsi çekdi dälmi?

Giorgi Baramidze: Onuň sebäbi şolar ýaly gürrüňleriň edilýändigi bilen bagly. Biz ýene-de bir gezek öz borçnamamyzy belledik. Has dogrusy, biz ony Sarkozynyň araçyllygyndaky ylalaşyga gol goýanymyzda ýerine ýetirdik. Şunlukda biz öz borçnamamyzy ýene-de bir gezek Ýewropa parlamentinde gaýtaladyk we prezident bu barada BMG-niň baş sekretaryna, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretaryna hat ýollady.

Şeýlelikde biz konstruktiw dialoga taýýar. Biz munuň üçin diplomatik we syýasy prosesleriň başlanmagynyň tarapdary. Şonuň ýaly-da, urşy kim başlady diýen sowala dolanmak bilen bize Ýewropa Bileleşiginiň ýörite komissiýasynyň taýýarlan hatyny okamaga rugsat ediň. Onda bar zat anyk ýazylan. Ýagny, onda komissiýanyň ýygnan faktlarynyň 99 prosenti Gürjüstan meselesini tassyklaýar we Orsýetiň Gürjüstana hüjüm etmek üçin öňe süren üç bahanasy doly inkär edilýär.

Azatlyk Radiosy: 23-nji noýabrda Gürjüstan “Bägül rewolýusiýasynyň” 7 ýyllygyny belledi. Onda sizem möhüm rol oýnadyňyz. Bu gün Gürjüstan 7 ýyl mundan ön arzuw eden derejäňize ýetdimi?

Giorgi Baramidze: Elbetde, eger Orsýet bilen uruş bolmasady we ýaranlygyň agzalarynyň arasynda bütewülik bolsady, onda NATO agza bolmagymyz mümkindi diýip, pikir edýäris. Emma, dogrusyny aýtsak, biz Gürjüstanyň NATO agza bolmagy üçin zerur gurallary edindik. Ýagny, NATO-Gürjüstan komissiýasy bar we ol syýasy maslahatlar we dialog üçin juda möhüm mehanizm.

Şonuň ýaly-da, biziň ýörite milli programmamyz hem bar. Ol NATO goşulmak üçin zerur ýörite planyň bir bölegi. Şunlukda ähli zat biziň elimizde bar. Şeýle-de biziň goňşuçylyk syýasaty barada ýörite planymyz bar. Ol örän möhüm we bize Ýewropa Bileleşigi ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, biz Gündogar partnýorlygy toparyna hem girdik. Bu Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar Ýewropadaky goňşulary barada örän möhüm syýasaty bolup durýar.

Biz Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga taýýar. Bütindünýä Banky soňky bäş ýyldaky reformalary göz öňünde tutup, Gürjüstany dünýäde birinji reformaçy ýurt diýip jar etdi. Bankyň dünýäde biznes etmek amatly bolan ýurtlar baradaky sanawynda Gürjüstan 12-nji orunda. Biz bu sanawda Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň ählisinden öňde.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň maglumatyna görä, biz Ýewropanyň iň az korrumpirlenen üç ýurdunyň biri. Eýse, bular biziň ýurdumyz üçin hakykatdanam ýetilen ajaýyp sepgitler dälmi?
XS
SM
MD
LG