Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň ulaglary Orsýetiň üstünden Owganystana geçip biler


Orsýet öz territoriýasyndan NATO-nyň harby ulaglarynyň Owganystana geçmegine rugsat berer. Bu barada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow düýn Moskwada Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Resul bilen bilelikde geçirilen metbugat konferensiýasynda yglan etdi.

Zalmaý Resul Moskwa sapar edýär. Geçen hepde Orsýet bilen NATO Günbataryň harby enjamlarynyň Orsýet arkaly Owganystana daşalyşyny artdyrmak barada ylalaşdy.

Emma NATO-nyň resmileri täze ylalaşygyň jikme-jikleri barada habar bermeýärler.
XS
SM
MD
LG