Sepleriň elýeterliligi

Owganystan we Päkistan neşe gaçakçylygyna garşy bilelikde göreşer


Penşenbe güni Owganystan we Päkistan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin bilelikdäki operasiýalary geçirmäge ylalaşdylar.

Päkistanyň neşelere garşy göreş ministri Arbab Muhammet Zahiriň we onuň owganystanly kärdeşi Zarar Ahmet Osmanyň duşuşugy wagtynda bu ylalaşyga gelindi. Bu gepleşiklere BMG-niň we Eýranyň resmileri hem gatnaşdylar.

Päkistan we Owganystan aýry-aýrylykda eýýäm Eýran bilen şeýle operasiýalary geçirdi.
XS
SM
MD
LG