Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň premýeri Wladimir Putin Germaniýa sapar edýär


Penşenbe güni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin iş sapary bilen Germaniýa bardy.

Şu gün Putin Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen gepleşik geçirýär we ykdysady foruma gatnaşýar.

Putin bu saparynyň öň ýanynda “Zuddoyçe Saýtung” gazetinde çap edilen beýanatynda Wladiwostokdan Lissabona çenli ykdysady bileleşigi, geljekde bolsa erkin söwda zonasyny döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Merkel Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň arasynda erkin söwda zonasyny döretmek barada Putiniň ideýasyny käbir şertler bilen goldady.

Emma, Merkeliň bellemegine görä, ilki bilen Orsýet söwdany liberallaşdyrmaga ygrarlydygyny görkezmeli we Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaly.
XS
SM
MD
LG