Sepleriň elýeterliligi


ALTYNDEPE


Başlanýan ýeri ýok,
ýok gutarýan ýeri-de!
Giden düzlük hanjak gözüň aýlasaň.
Ine, saňa keýik awlanan meýdan,
Ine, meýdan arkasynda ýaýnalan!
Bu düzleriň derýalary sowlupdyr,
Bu düzleriň jeňňelleri gurapdyr.
Ýogsam, adamzadyň başlangyjyny
Bu düzlükler sallançak dek üwräpdir!
Elladada deňziň boýuna baryp,
Tolkunlary diňläp ertiru-agşam,
Kör Gomer olaryň güwwüldisinden
Ilkinji setirni agtarýan wagtam
Bu giden sähralaň gelin-gyzlary
Ýanlyk ýaýyp,
pişek urup,
ýag alyp,
Hemem läle kakyp arkama-arka,
Gezipdirler garşy alyp ýazlary.
Şaňňyrdaşyp,geýip alu-ýaşyly,
Aýa garşy dogup aýdyň gijeler,
Sebsedip yzynda köýen aşygny,
Gürlär eken ahyr syrly dideler.
Bu düzlerde toý tutupdyr adamlar,
Gazanlar lasyrdap, tagam bişipdir.
Aksakgallar edil Hudaýlar kimin,
Öňünden geljegiň donun biçipdir.
...Soňra döwran gaýdyp, geçmiş dönüpdir,
Dymypdyr düzlerde kerwenleň jaňy,
Ýatypdyr gelinleň kümşüniň ýaňy.
Aksakgallaň maslahaty çaşypdyr,
Bagtly illeň bagty Gün deý ýaşypdyr.
Deňziň kenarynda
gaýtgyn mahaly
Galýan balykgulaklary ýatladyp,
Ýaşaýşyň yzyna gaýdan ýerinde
Şagrap ýatyr küýze döwükler indi.

ÝITGI

Bu düzlükde ýiten zatlaň sany ýok!
Ýaýnap ýaşanyň hem ömri köýeniň.
Taryhçylar ýazýar: "On farsah geçseň,
Duşup dur bu ýerde şäher diýeniň."
Indi Mäne bilen Çäçe galypdyr,
Galanlarnyň bary guma garlypdyr.
Obalar ýitipdir,
Ýitipdir kentler!
Derýalary bilen
Ýitipdir bentler!
Güwläp duran şäherler,
Märekesi bilen
Güňläp duran säherler
Ýom-ýok bolupdyr!
Şeýle bir ölüpdir munda ýaşanlar,
Hoşuňa gelsin!
Begi,
bezirgeni,
gedaýy bilen,
Şalary,
Şatyry,
Hudaýy bilen!
Galmandyr olaryň dini, ynanjy,
Galmandyr şalaryň dünýäsi-genji.
Ýolagçysy ýoly bilen ýitipdir,
Bilbilleri güli bilen ýitipdir!
Ýitipdir bu ýerde hasyl alanlar:
Bugdaý ekip,
Harman atyp,
Üfläpläpler
saýlan ýel bolmasa,
Harpykdan çäjin…
Ýazda baryn ekip,
Güýzde hasylyň
Üçden birin ýa-da ýaryn alanlar.
Men bilmedim, Garrygalaň üstünde
Ýa-da gumlarynda Altyndepäniň
Monjukmy agaryp doňup galan zat,
Monjuk-monjuk gözýaşymy gallajyň?

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
XS
SM
MD
LG