Sepleriň elýeterliligi

Mýanmara BMG-niň ýokary derejeli diplomaty geldi


Şenbe güni Mýanmara harby häkimiýetiň we oppozisiýanyň wekilleri bilen duşuşmak üçin BMG-niň baş sekretary Ban Ki-munuň apparatynyň ýolbaşçysy Wijaý Nambiar geldi.

Ol oppozisiýa lideri, ýakynda öý tussaglygyndan boşadylan Aung San Su Çi bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň žurnalistler bilen gürrüňde Su Çi ýokary derejeli diplomat bilen gepleşikleriň manyly bolandygyny, ýöne ýurduň öňünde duran köp sanly problemalary çözmek üçin kararalar işläp taýýarlamaga ýeterlik däldigini aýtdy.

Su Çi azat edilenden soň milli ýaraşygyň hatyrasyna harby režim bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG