Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ilkinji atom elektrik stansiýasy işe başlady


Şenbe güni Eýranyň Buşer şäherinde ilkinji atom elektrik stansiýasy işe başlady diýip, Eýranyň atom energiýasy boýunça edarasynyň baştutany Aly Akber Salehi habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Buşerdäki atom elektrik stansiýasyndan alnan elektrik togy ýakyn birki aýyň dowamynda ýurduň umumymilli elektrik setine birleşer.

Bu atom elektrik stansiýasy ors spesialistleriniň kömegi bilen guruldy.
XS
SM
MD
LG