Sepleriň elýeterliligi

Şenbe güni Owganystanda 17 söweşiji öldürildi


Şenbe güni Owganystanyň günortasyndaky Paktiýa welaýatynda howpsuzlyk güýçleriň ştab-kwartirasyna edilen janyndan geçenleriň hüjümi netijesinde 12 adam heläk boldy, 16 adam ýaralandy.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, janyndan geçenleriň ikisine goralýan obýekte girmek başardypdyr, şol ýerde-de olar partlaýjy guraly herekete getiripdir.

Ýurduň günortasyndaky we gündogaryndaky Nangarhar we Gilment welaýatlarynda talyplar bilen gazaply söweşleriň bolandygyny, 17 söweşijiniň öldürilendigini NATO-nyň komandowaniýesi habar berdi.

Halkara güýçleriň ýitgisi barasynda maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG