Sepleriň elýeterliligi

Dekabryň ortasyna çenli Yrakda täze hökümet düzülmeli


Dekabr aýynyň ortasyna çenli Yrakda täze hökümet düzülmeli diýip, ýene-de hökümet başlygy bellenen Nury al-Maliki aýtdy.

Bagdatda bolan metbugat konferensiýasynda Al-Maliki ministrlik wezipeleri paýlaşmak meselesinde syýasy güýçleriň arasynda heniz ylalaşyk gazanylmandygyny aýtdy.

Şunuň bilen bagly ol taraplary hökümetdäki wezipelere kandidatlary tiziräk anyklamaga çagyrdy.

“Ministrleri bellemäge bir aý möhlet berilýär. Ýöne şol wagtyň boş geçmegine ýol bermerin. Şoňa görä, dekabryň 15-ne çenli hökümet düzülmeli” diýip, Al-Maliki aýtdy.

Yrakda mart aýynda geçirilen partlament saýlawlaryndan bäri geçen sekiz aý içinde häkimiýeti bölüşmek barada ylalaşyk gazanmak başartdy. Ýöne indi hökümet düzmegiň yza süýşmegi mümkin diýen ätiýaç bar.
XS
SM
MD
LG