Sepleriň elýeterliligi

Şenbe güni Irlandiýada protest aksiýalary geçirildi


Şenbe güni Irlandiýada hökümetiň sosial tölegleri we beýleki býujet çykdajylaryny kemeltmek baradaky planlaryna garşy köpçülikleýin protest aksiýalary geçirildi.

Irlandiýanyň iň uly profsoýuz guramasy býujeti gysgaltmak boýunça kanun proýektine parlamentde seredilmezden öň hökümete gysyş görkezmek üçin demonstrasiýalara çykmaga graždanlary çagyrdy.

Irlandiýanyň hökümeti dört ýylda çykdajylary dört milliard ýewro möçberinde gysgaltmagy we salgytlary artdyryp, iki milliard ýewro goşmaça gazanmagy teklip edýär.

Bu çäreler Dubline krizise garşy Ýewrobileleşigiň we Halkara walýuta fondunyň kredit bermekdäki şertidir.
XS
SM
MD
LG