Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 12 ekstremist tussag astyna alyndy


Geçen aý Bagdatda hristian kelisesine hüjüm etmekde şübhelenilýän söweşijiler topary tussag edildi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda 12 ekstremistiň tussag astyna alnandygy habar berilýär.

Yragyň içeri işler ministri Žawad Bolany olaryň tussag edilmegini “Yrakdaky “Al-Kaýdanyň” terroristik setine urlan zarba” diýip atlandyrdy.

Kelisä edilen hüjümde we zamunlary halas etmek boýunça operasiýada 68 adam öldi, olaryň 44-si ybadata gelenlerdir.
XS
SM
MD
LG