Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri Tährana sapar edýär


Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri öz ýurdunda täze syýasy krizise ýol bermezlik üçin Eýrana iki günlük saparyna başlaýar.

Köp sanly ekspertler Liwanyň öňki premýer-ministri Rafik Haririniň ölümine gatnaşykda “Hezbollah” şaýy toparynyň agzalarynyň ençemesine aýyplama bildirilmeginiň mümkinligi bilen bagly liwan hökümetinde durnuklylygyň howp astyndadygyny belleýärler.

Şol jenaýaty BMG-niň ýörite tribunaly derňeýär.

“Hezbollahy” goldap gelýän Tähran Liwanyň syýasy güýçleriniň arasynda bolmagy mümkin garşy durmalardan gaça durmaga kömek berer diýip, Saad Hariri umyt baglaýar.
XS
SM
MD
LG