Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Somalide doglan oglan tussag edildi


Amerikanyň Portlend şäherinde Somalide doglan 19 ýaşly oglan anna güni tussag edildi. Ol roždestwo ýolkasynyň açylyş dabarasynda partlama amala aşyrmak isläpdir.

Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Muhammed Osman Mahmud dabaranyň geçjek ýeriniň golaýynda maşynyny goýupdyr. Ol maşyndaky partlaýjy gural herekete geler ýaly mobil telefondan jaň edipdir.

Hakykatda Federal derňew býurosynyň agentleri Muhammed Osman Mahmuda partlaýjy guralyň ýerine onuň içi boş şekilini beripdirler.

Ol oglan tussag edildi. Köpçülikleýin gyryş ýaragyny ulanmaga synanyşykda bildirilýän günä üçin oňa ömürlik türme tussaglygy abanýar.
XS
SM
MD
LG