Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda sünnüler terrorizme garşy protest ýörişini geçirýär


Päkistanly sünnüler terrorizme garşy protest hökmünde şenbe güni tutuş ýurt boýunça köpgünlük ýörişe başladylar.

Bir topary pyýada, bir topary maşynly protestçiler ýurduň paýtagty Yslamabaddan çykdylar.

Sünnüler Lahora çenli bolan 320 kilometr aralygy geçip, şol ýerde köpçülikleýin miting gurnamakçy.

Aksiýany Päkistandaky sünni guramalaryň biri gurnady. Olar yslamyň dürli ugurlary boýunça mukaddeslikleriň howpsuzlygyny pugtalandyrmagy häkimiýetlerden talap edýärler.

Soňky aýlar Päkistanda şol mukaddes ýerlere ençeme gezek hüjüm edilip, onlarça adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG