Sepleriň elýeterliligi

Talyp wekili diýilýän dükanyň eýesi bolup çykdy


Talyplaryň liderleriniň biri hökmünde owgan häkimiýetleri bilen gepleşikler alyp baran adam ABŞ-nyň ýörite gulluklaryny aldap bilmedi diýip, ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň ştablar başyklarynyň birleşen komitetiniň baştutany Maýk Mallen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýörite gulluklar şol adamyň özüni atlandyryşy ýaly adam däldigine köp wagtlap syn edipdirler.

Mallen şeýle-de bu kezzabyň Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaý bilen duşuşandygy barada ençeme habar serişdelerinde peýda bolan informasiýalary-da ret etdi.

Mundan öň milli ýaraşyk barada talyplar häkimiýetinde özüni ikinji adam atlandyran Ahtar Muhammet Mansur bilen owgan häkimiýetleriniň maý aýyndan bäri gepleşikler geçirendigi habar berlipdi.

Prezident Hamyt Karzaýyň wekillerinden onuň uly mukdarda pul alandygy-da tassyklanýardy.

Ýakynda özüni talyp wekili atlandyran adamyň Päkistanda bir dükanyň eýesidigi anyklandy.
XS
SM
MD
LG