Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Günorta Koreýa bilelikde harby türgenleşik geçirýär


Demirgazyk Koreýa ýakynda Günorta Koreýanyň Ýonphendo adasy oka tutulanda ölen graždan adamlar üçin gynanç bildirdi.

Ýöne Demirgazyk Koreýanyň informasion agentliginiň beýannamasynda graždan adamlaryň ölümi fakty şübhe astyna alynýar.

Phenýan ýene-de bu wakanyň jogapkärçiligini Günorta Koreýanyň üstüne atyp, ok atmaga onuň ilki başlandygyny öňe sürýär.

Hepdäniň ikinji güni bolan şol atyşykda Günorta Koreýanyň iki harby gullukçysy, iki graždan adamy heläk boldy, 20 töweregi adam ýaralandy. Heläk bolan harbylar şenbe güni jaýlandy.

Ýekşenbe güni regionda ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň bilelikdäki harby-deňiz türgenleşikleri başlanýar.

Günorta Koreýanyň ýaragly güýçleriniň ştabynyň resmi wekili Bung Wu şeýle diýdi: “Bu okuwlaryň maksady - Demirgazyk Koreýa tarapyndan prowokasiýalara reaksiýa bildirmek endiklerini kämilleşdirmekden, öz territoriýamyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakdan, ABŞ bilen hereketleri gowy sazlamakdan we amerikanlar bilen biziň aýgytlylygymyzy hem agzybirligimizi görkezmekden ybarat”.

Anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Hytaýyň daşary işler ministri Ýan Jieçi bilen Koreý ýarymadasynda ýagdaýyň ýitileşmesini telefon arkaly maslahat etdi.

“Dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen Pekin taraplaryň ikisi bilenem aragatnaşykda” diýip, Hytaýyň daşary işler ministri habar berdi.
XS
SM
MD
LG