Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-nji ýyl üçin Türkmenistanyň döwlet býujeti tassyklandy


Türkmenistanyň Mejlisi iki günlük işini tamamlady. Ol “2011-nji ýyl üçin Türkmenistanyň döwlet býujeti” baradaky kanuny kabul etdi.

Şol dokumente laýyklykda, täze ýylda býujetiň girdeji bölegi üstümizdäki ýyl bilen deňeşdirilende ykdysady ösüşiniň depgininiň ýokarylygy, inwestisiýa aktiwligi we haryt öndürijileriň harajatlarynyň kemelmegi bilen bagly 28,3 % köp bolar.

Jemgyýetçilik we sosial hyzmatlar üçin bölünip berilýän serişdeden 37% bilime, 12,2% saglygy saklaýşa, 4% medeniýete, 36% döwlet sosial üpjünçiligine, 10% ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygyna gönükdiriler diýip, TDH gullugy ýazýar.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hakyndaky”, “Gidrometeorlogik iş baradaky”, “Sosial üpjünçilik baradaky” kanunlary kabul etdi diýip, TDH gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG