Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ÝHHG-niň Astanadaky sammitine gatnaşar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Astanadaky sammitine gatnaşar.

1-2-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada ÝHHG sammit geçirýär. Şeýle karara bu gurama agza ýurtlaryň ählisi bilelikde geldi.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň sammite gatnaşmaga Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy çagyrandygyny Türkmen Döwlet habarlar gullugy ýazýar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň Astana saparyna taýýarlyk görülýändigi barada daşary işler ministr Reşit Meredow hem soňky hökümet maslahatynda hasabat berdi.

Häzir Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna Gazagystan başlyklyk edýär. Indiki ýyl bu gurama Litwa ýolbaşçylyk eder.
XS
SM
MD
LG