Sepleriň elýeterliligi

Päkistandaky uçar heläkçiliginde sekiz pilot öldi


Şu gün irden Päkistanyň Karaçi şäheriniň golaýynda bir ýük uçarynyň howa göterlen wagty birdenkä ýere gaçyp, partlamagy netijesinde, onuň içindäki 8 pilotyň hemmesi wakanyň pidasy boldy.

Maglumatda ol pilotlaryň hemmesiniň orsýetli pilotlardygy aýdylýar.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, Pakistandan ugran bu ýük uçary Sudana barmaly eken.

Ýerli ýaşaýjylar uçaryň güri ilatly punktdan sähel daşlykdaky harby şäherçäniň golaýynda bir gurlup gutarylmadyk jaýyň üstüne gaçandygyny aýdýarlar.

Wakada ýerli ýaşaýjylardan biriniň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG