Sepleriň elýeterliligi

Moldowada iki ýylda üçülenji parlament saýlawlary geçirilýär


Şu gün Moldowada soňky iki ýylyň içinde üçülenji gezek parlament saýlawlary geçirilýär.

Bu saýlawlarda ýene-de nobatdaky gezek Günbatara tarapdar liberal koalisiýanyň wekilleri Kommunistik partiýanyň wekilleri bilen bäsleşýärler.

Ozalky saýlawlarda bu syýasy toparlardan hiç birem parlamentde prezidenti saýlamak üçin ýeterlik orna eýe bolup bilmändi. Moldowanyň konstitusiýasyna görä, ýurduň prezidentini parlament saýlamaly.

Häzirki saýlawlar diňe ses bermäge hukukly ilatyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermäge gatnaşan halatynda resmi güýje eýe diýlip hasaplanylar.

Şu gün ýerli wagt bilen gündiz sagat 12:30-a çenli ses berijileriň diňe 19 prosentiniň ses berendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG