Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda Hasyl baýramy bellenip geçilýär


Şu gün Türkmenistanda Hasyl baýramy bellenip geçilýär. Bu baýramçylygy her ýylyň noýabr aýynyň iň soňky ýekşenbe güni belläp geçmek däbi garaşsyzlyk ýyllarynda girizilipdi.

Bu baýramçylyk mynasybetli şu gün Türkmenistanyň ähli welaýat we etrap merkezlerinde, daýhan birleşiklerinde dabaraly çäreler gurnaldy.

Şu gün bu waka bilen bagly eden gutlag ýüzlenmesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl oba-hojalyk zähmetkeşleriniň tagallasy bilen ýurduň ähli welaýatlarynda pagta planlarynyň artygy bilen ýerine ýetirilmegini bu baýramçylyga edilen aýratyň sowgat hökmünde belläpdir.
XS
SM
MD
LG