Sepleriň elýeterliligi

Astanadaky konferensiýada Türkmenistan üns merkezinde boldy


Şu gün Gazagystanyň Astana şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň bosagasynda bu gurama girýän ýurtlaryň çäklerinde iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň parallel konferensiýasy geçirildi.

Konferensiýada graždan jemgyýetine degişli toparlaryň we ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri köpsanly sosial we hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahata gatnaşan hökümete degişli bolmadyk «Türkmenistanyň Demokratik graždan bileleşigi» guramasynyň başlygy Wýaçeslaw Mammedow konferensiýanyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky we şol sanda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna aýratyn üns berlip, ýörite sessiýanyň hem geçirilendigini aýtdy.

«Bu sessiýada Türkmenistandaky ýagdaýlar barada ‘Türkmenistanyň Demokratik graždan bileleşigi' guramasynyň başlygy, ýagny, meniň özüm çykyş etdim. Mundan daşary, belli žurnalist we politolog Arkadiý Dubnow hem çykyş edip, Türkmenistandaky graždan jemgyýetine degişli aktiwistleriň on altysy tarapyndan gol çekilen ýörite hatyň mazmuny bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Hatyň awtorlary ynsan hukuklary bilen bagly Türkmenistandaky örän ýaramaz ýagdaýlary suratlandyrypdyrlar» diýip, Wýaçaslaw Mammedow belledi.

Şu parallel konferensiýanyň netijesinde anyk problemalar boýunça ýüzlenme kabul edilip, ol Astanada 1-2-nji dekabrda geçjek ÝHHG-niň Sammitine hödürlener.
XS
SM
MD
LG