Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň soňky bölegi açyldy


Şu gün Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleri Eýranyň demirgazygynda Türkmenistandan çekilen gaz geçirijiniň soňky böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Eýranyň resmi IRNA habar agentliginiň maglumatyna görä, bu gaz geçirijiniň soňky bölegi Türkmenistandan akdyryljak goşmaça gazy Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän gaz arassalaýjy stansiýa ýetirer.

Bu täze gurlan gaz geçirijiden her günde 58 million kubometr gazyň akdyryljakdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýatagyndan Eýranyň Hangyran gaz arassalaýjy stansiýasyna çenli çekilen bu truboprowodyň bahasa 1,2 milliard dollar diýlip hasaplanylýar. Onuň gurluşygyna şu ýylyň ýanwarynda başlanypdy.
XS
SM
MD
LG