Sepleriň elýeterliligi

Müsürde “Musulman doganlar” saýlawlary protest etdi


Müsürde “Musulman doganlar” guramasynyň ýüzlerçe tarapdary bazar güni saýlaw uçastoklarynda protest bildirdiler.

Olar geçirilen parlament saýlawlarynda berlen sesler sanalanda, köp sanly gaplyklara ýol bermekde häkimiýetleri aýypladylar.

Guramanyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, ses berişlik başlanmazdan öň guramanyň bärsinden 1200 tarapdary tussag edilipdir.

Saýlawlaryň resmi netijeleri şu gün yglan ediler.

Häkimiýet başyndaky Milli demokratik partiýa deputat orunlarynyň köpüsini eýelär diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG