Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada protest aksiýalary dowam edýär


Ukrainada parlament tarapyndan makullanan täze Salgyt hakyndaky kanuna garşy möhletsiz protest aksiýalaryny gurnaýjylar bu dokumente üýtgetmeleri hökümet bilen maslahatlaşmakdan ýüz öwürýärler we oňa prezidentiň weto goýmagyny talap edýärler.

Ýanukowiç protestçiler bilen şenbe güni duşuşanda, dokumente weto goýmagynyň mümkindigini aýtdy.

Salgyt reformasyna garşy çykýanlaryň köp müň adamly täze mitingi şu güne planlaşdyrylýar.

Şonda hökümetiň iş başyndan çekilmegi we Ýokary Rada möhletinden öň saýlawlar geçirmek ýaly syýasy şygarlar peýda bolar.
XS
SM
MD
LG