Sepleriň elýeterliligi

Irlandiýa 85 milliard ýewro möçberinde kredit berler


Düýn Ýewrobileleşige agza ýurtlaryň maliýe ministrleri Irlandiýa 85 milliard ýewro möçberinde kredit bermegi makulladylar.

Ýewrokomissiýa maliýe serişdelerini ÝB-niň 27 döwletinden 19-y we Halkara walýuta fondy berer.

Beriljek umumy puluň 30 milliardy Irlandiýanyň bank sistemasyny dikeltmäge goýberiler. Çünki krizis ýurduň tutuş ykdysadyýetini örän ýaramaz ýagdaýa saldy.

Irlandiýa beriljek kreditiň göterimi 5,8% bolar. Ol Gresiýa berlenden 0,6% ýokarydyr.

Gresiýa şu ýylyň maý aýynda 110 milliard ýewro möçberinde karz pul berlipdi.

Mundan öň Irlandiýa hökümeti býujet çykdajylaryny gysgaltmagyň planyny hödürläpdi. Şol çäreler kredit bermek üçin ÝB-niň we Halkara walýuta fondunyň goýan şertleridir.
XS
SM
MD
LG