Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillary Klinton Merkezi Aziýa diplomatik saparyna başlar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň dört ýurduna diplomatik saparyna başlar.

Döwlet departamentiniň wekili Filip Krouli Klintonyň saparynyň hepdäniň ikinji güni Gazagystandan başlanjakdygyny aýtdy.

Klinton Astanada boljak ÝHHG-niň ýokary derejeli sammitinde amerikan delegasiýasyna baştutanlyk eder.

Klinton Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we daşary işler ministri Kanat Saudabaýew bilen duşuşar.

Hillary Klinton şeýle-de Gyrgyzystana, Özbegistana barar. Onuň barjak dördünji ýurdy Pars aýlagyndaky Bahreýn bolar.
XS
SM
MD
LG