Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň Astanada boljak sammitiniň edil öň ýany bu ýerde iki sany halkara forumy geçip, olarda gönüden-göni Türkmenistana-da degişli meseleler gozgaldy.

Türkmenistanyň prezidentiniňem ÝHHG-niň sammitine geljek ýeri -Gazagystanyň paýtagtynda iki konferensiýa boldy. Olaryň biri adam ölçegleri boýunça umumy syn; beýlekisi ÝHHG-e agza ýurtlarda graždan jemgyýetine bagyşlandy.

ÝHHG-e girýän ýurtlardan ýüz töweregi guramanyň aktiwistleri şol konferensiýalara gatnaşdy. Şolaryň arasynda türkmen aktiwistlerem bardy. Forumlaryň biriniň işine Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Oguljemal Ýazlyýewa-da gatnaşdy. Ol ýurduň içinde işleýän Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine akkreditasiýa bermäge Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny çagyrdy.

Merkezi Aziýada, Türkmenistandan onçakly daş bolmadyk ýurtda şunuň ýaly halkara forumyň geçirilmegi, oňa diňe bir Türkmenistanyň resmi wekilleri däl, garaşsyz türkmen aktiwistleriniň, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň wekilleriniň gatnaşmagy göze ilerlikdir we simwolik häsiýete eýedir. Bu ýagdaý döwrüň düýpli üýtgeýändigini, indi yza gaňrylyp, köne usullar bilen, onda-da S.Nyýazowyň režimi döwründe ornaşdyrylan metodlar bilen ýurdy dolandyryp bolmajakdygyny görkezýär.

Astanada bolan forumlarda azatlyk, hususan-da köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy temalary ýiti ýaňlandy.

Türkmenistanyň prezidentiniň özem aram-aram gowşakdygy, döredijiligiň ýokdugy, döwrüň ruhuna bap gelmeýändigi üçin ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerini tankytlaýar. Muňa soňky aýdyň mysallaryň biri – “Altyn asyr” telekanalynyň direktory Maksat Altaýewe iň soňky käýinjiň yglan edilmegidir.

Režimiň gazaby we hemmeteraplaýyn berk gözegçilik köpçülikleýin habar serişdelerini diňe bir zerur hem janly döredijilik derejesine çykarman, tersine, inisiatiwanyň köküne palta urýar. Şol bolmasa, hiç hili döredijiligem, ruhy galkynyşam ýok.

Uly ähmiýete eýe

Astanada bolup geçýän wakalaryň simwolik häsiýeti uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa köp ýyllar bäri ähli graždan azatlyklarynyň bogulýan režiminde ýaşap gelýär. Awtoritarizmiň güýçlenmegi gorkynyň artmagy bilen utgaşyp gidýär.

Ýöne regionyň ýurtlarynda içerki durmuşy näçe berk saklasaň-da, gazaby güýçlendirseň-de gowulyga bolan umytlary ýoga çykaryp bolmajakdygyna Astanadaky forumlardan göz ýetirmek mümkin. Şunda ýene bir meýil-tendensiýa göze ilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda içerki durmuşy liberallaşdyrmak, açyklaşdyrmak indi awtoritar hökümetleri elektrik togy uran ýaly edip gorkuzmaýar. Jylawy ýuwaş-ýuwaşdan gowşadyberseňem boljak diýen pikir indi hökümdarlary öňküleri ýaly ysmaz ýagdaýa saljak däl.

Ýurtda ikinji syýasy partiýa döretmek barada G.Berdimuhamedowyň beren wadasynyň hakykatda amala aşjagyny şu günki gün göz öňüne getirmegem mümkin. Birnäçe ýyl mundan öň şeýle pikir etmek akyla sygjak zat däldi.

Elbet-de liberal gymmatlyklara öwrenişmek üçin demokratik ýurtlar bilen deňeşdirilende, awtoritar häkimiýetlere köp wagt gerek. Režimiň gowşadylmagy ýurduň ösüşini çaltlandyrar - ine, şu fakta hökümdaryň özem, oňa hyzmat edýän apparatam öwrenişmeli.

ÝHHG-niň sammitini goşmak bilen Astanadaky adam hukuklaryny goraýan forumlar liberal ideýalardan azyrak gorkmaga, çekinmäge Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam eder. Gorky dury akyl bilen ornuny çalşar. Ine, şol-da hakyky galkynyş bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG