Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da bomba partlatmagy ýüregine düwen oglan tussag edildi


Mohamudy ýasama bomba bilen üpjün edenler Federal derňew býurosynyň (FBI) ýaşyryn agentleri we beýleki polisiýa işgärleri.
Mohamudy ýasama bomba bilen üpjün edenler Federal derňew býurosynyň (FBI) ýaşyryn agentleri we beýleki polisiýa işgärleri.
Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilýän roždestwo ýolkasyny yşyklandyrma dabarasynda bir telefon nomerine jaň edip, bomba partlatmagy ýüregine düwen 19 ýaşly Mohamed Osman Mohamud Birşlen Ştatlaryň Oregon ştatynda öten anna güni ele salyndy.

Birleşen Ştatlaryň Oregon ştatynyň Portland şäherinde tutulan Mohamud agentleriň elinden sypyp gaçmaga synanyşypdyr.

Mohamudy ýasama bomba bilen üpjün edenler Federal derňew býurosynyň (FBI) ýaşyryn agentleri we beýleki polisiýa işgärleri. Bu waka - terroristler bilen gatnaşykda diýlip güman edilýän bu ýaş ýigidiň şeýle aýylganç işleri amala aşyrmak niýetini synap görmek üçin edilen iş.

Federal derňew býurosynyň Oregon ştatyndaky ýokary derejeli işgäri Artur Balizan: “Bu bir gaty çynlakaý howpdy. Biziň derňewlerimiz Mohamudyň bular ýaly işlerden gaýtmajakdygyny görkezdi” diýýär.

Resmileriň aýtmagyna görä, bu ýasama bombanyň we onuň bilen baglanyşykly beýleki işleriň hiç bir ýagdaýda jemgyýetçilige abandyran howpy bolmandyr.

2009-njy ýylda Päkistanda terrorizmde güman edilýän bir adam bilen gatnaşykdadygy ýüze çykansoň, häkimiýetler Mohamudy aňtap gezipdirler.

Sud dokumentlerinde bellenilmegine görä, bu adam Mohamuda daşary ýurtda bolýan bir hyzmatdaşy bilen habarlaşmagy üçin at hem-de e-mail adres beripdir. Ýöne Mohamud ol adam bilen habarlaşyp bilmändir.

Iýun aýynda Federal derňew býurosynyň bir ýaşyryn agenti özüniň bu päkistanlynyň ýoldaşydygyny aýdyp, Mohamuda e-mail adresini iberipdir. Olar iýul aýynda Oregonda duşuşypdyrlar.

Mohamud Federal derňew býurosynyň işgärlerine özüniň 15 ýaşyndan bäri jihad hakda oýlanyp gelýändigini aýdypyr.

Duşuşykdan bir aý soň Mohamud bu ýaşyryn agente özüniň bomba partlatmak üçin Portlandda geçirilýän roždestwo ýolkasyny yşyklandyrma dabarasyny göz öňünde tutandygyny mälim edipdir.

Sud dokumentlerinde aýdylmayna görä, bu işden el üzmegi üçin mümkinçilikler barka hem Mohamud öz niýetinden dänmän, gaýtam 2001-njy ýylyň 11 sentýabrynda Nýu Ýorkda bolan terror hüjümini taryplapdyr.

Resmileriň aýtmagyna görä, Mohamud bombany partladansoň Birleşen Ştatlardan gaçyp çykmagy planlaşdyrypdyr.

Mogadişuda doglup, amerikan raýatlygyna kabul edilen Mohamed Osman Mohamud duşenbe güni sudda peýda bolar diýlip garaşylýar.

Köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ulanmaga synanyşynlykada günäli tapylan ýagdaýynda, oňa garaşýan iň ýokary jeza ömürlik türme tussaglygy we 250 müň dollar jerime bolar.

Oregonyň prokurory Duaýt Holteniň garaýşyça, Mohamudyň bu aýylganç niýeti hatda Oregonda-da amerikan raýatlaryny öldürmäge kararly adamlaryň bardygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG