Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” ABŞ-nyň gizlin telegrammalaryny çap etdi


“WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj
“WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj
“WikiLeaks” internet saýtynda ýerleşdirilen 250 müň sany gizlin diplomatik telegrammanyň tekstleri Waşingtony aljyraňly ýagdaýa salsa-da, Birleşen Ştatlara syýasy taýdan çynlakaý zyýan ýetirmese gerek.

Mysal üçin, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ‘erkek Alfa’ diýlip atlandyrylmagy ýa-da prezident Dmitriý Medwedewiň onuň ‘oýnatgysy’ diýlip suratlandyrylmagy üýtgeşik bir maglumat däl.

Liwiýanyň lideri Muammer Kaddafynyň her gezek sapara gidende ozüniň sary saçly ukrainaly şepagat uýasyny ýany bilen alyp gidýänligi baradaky habar hem hiç kimde nägilelik döretmese gerek.

“WikiLeaks” tarapyndan ýaýradylan maglumatara reaksiýa görkezen ilkinjileriň biri Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan boldy. Ol şu gün Stambulda geçirilen metbugat konferensiýasynda bu wakany ulalatmazlyga synanyşdy.

“Ilki “WikiLeaksiň” elinde nämeleriň bardygyny bir göreli - bu aýdylýanlar ygtybarly zatlarmy ýa däl. Ýagdaýa şondan soň baha bereris. Häzir “WikiLeaksiň” ygtybarlydygy gümürtik. Şol sebäpden informasiýalaryň hemmesi berilýänçä garaşarys” diýip, Erdogan aýtdy.

Ýöne hususy aragatnaşygyň tutuş dünýä görkezilmegine Waşington heniz hem gaharly. Bu üsti açylan zatlaryň esasy syýasy ugra ýetirýän zyýany ýok welin, ýöne maglumatlaryň olary ýazanlara we ýazylan temalara zyýan ýetirmegi ähtimal.

“Jogapkärçiliksiz we howply”

Ak Tam tarapyndan ýaýradylan bir beýannamada: “Bu maglumatlaryň Birleşen Ştatlaryň diplomatik we aňtaw gulluklarynyň işgärlerine ýa-da agyr şertlerde ýaşýan we Birleşen Ştatlardan erkin jemgyýet üçin kömek soran adamlara howp abandyrmagy mümkin” diýilýär.

ABŞ-nyň Birleşen ştablarynyň ýolbaşçysy Admiral Maýk Mallen düýn CNN telekanalyna beren bir interwiýusynda: “Bu maglumatlaryň Birleşen Ştatlaryň planlaryna göz ýetirmekleri üçin ekstremistlere kömegi degmegi mümkin” diýdi.

“Biziň ýaşaýan dünýämizde bir kiçijik informasiýanyň hem bir giden maglumatlara goşulyp, ozal bar bolmadyk düşünjelere getirmegi mümkin. Men “WikiLeaks” saýtyny ýöredýän adamlar muňa düşünýändir öýdemok. Şol sebäpden bu iş gaty howply” diýip, Mallen aýtdy.

Edilýän tankytlara garamazdan “WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj özüniň döwlet işlerinde ‘sagdyn açyklygy ösdürmek ýoluny’ alyp barýandygyna ynanýar.

“Birleşen Ştatlaryň harbylarynda umuman ýykgyn edilýän jogapkärçilik ugry adamy aladalandyrýar. Ýöne amerikan hökümetinde gowy adamlar bar. Bu gowy adamlaryň käbiri bu zatlaryň ugrunyň üýtgemegini isleýär. Olar bu işi etmegimiz üçin bize we beýleki žurnalistlere material bermäge meýilli” diýip, Assanj aýdýar.
XS
SM
MD
LG